Mercedes-Benz «CLA» modeliniň önümçiligine meýilleşdirilenden öň başlady

  • 20.04.2025 17:57
  • 2.1k+

Mercedes-Benz kompaniýasy Raştatt şäherindäki (Germaniýa) zawodynda täze elektrikli «CLA» modeliniň köpçülikleýin önümçiligine meýilleşdirilen senesinden öň başlady. Ilkinji meýilnama görä, satuwlar iýun aýynda başlanmalydy, ýöne sargytlary kabul etmek garaşylmadyk ýagdaýda 29-njy aprele geçirildi.

«CLA 250+» modeli EQ ulgamy bilen enjamlaşdyrylan we 272 at güýjüni öndürýär. WLTP standartlaryna görä, bir gezeklik zarýad bilen 792 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Has güýçli «CLA 350 4MATIC» modeli (354 at güýji) iýun aýynyň ortalarynda sargyt etmek üçin elýeterli bolar. Bu model 100 km/sag tizlige 4,9 sekuntda ýetýär we bir gezeklik zarýad bilen 771 kilometre çenli ýol geçýär.
Bu awtoulag MMA platformasynyň binýadynda guruldy we aerodinamiki garşylyk koeffisiýenti örän pes – 0,21-den başlanýar. 320 kWt-a çenli güýçde tiz zarýad bermek mümkinçiligi bar. «CLA 250+» modelini hemişelik tok stansiýasynda bary-ýogy 10 minutda 325 kilometrlik ýol üçin zarýadlap bolýar.
MBUX Superscreen multimediýa ulgamy bu modele 2025-nji ýylyň awgust aýyndan başlap goşular.
Garaşylşy ýaly, Germaniýada «CLA 250+» modeliniň başlangyç bahasy, takmynan, 51 müň ýewro bolar.


20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....