300 dollara Samsung Galaxy M56 hödürlendi: 6 ýyl täzelenme, inçe korpus, 5000 mA/sag, 45 Wt

  • 20.04.2025 14:46
  • 7.2k+

Samsung kompaniýasy Galaxy M56 smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Gurluş One UI 7.0 interfeýsi bilen Android 15-de işleýär. Kompaniýa täze smartfonyň alty ýyl täzelenmesini kepillendirýär.

Smartfon durulygy Full HD+ we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan Super AMOLED displeýi bilen enjamlaşdyryldy. Çarçuwa öňki model bilen deňeşdirilende 36% inçe boldy. Displeý Corning Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen goralýar, barmak yzynyň skaneri ekranasty ýerleşdirildi.
Galaxy M56 smartfony Exynos 1480 çibine esaslanýar. Operatiw ýadyň göwrümi 8 GB, içki ýat – 128 ýa-da 256 GB. Esasy kamera üç bölekden ybarat: 50 Mp (OIS bilen), 8 we 2 Mp. Frontal kamera – 12 Mp.
Akkumulýator sygymy 5000 mA/sag bolup, 45 Wt kuwwatly zarýad berşi goldaýar. Şeýle-de, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.3 we NFC goldawy bar. Korpusyň ýogynlygy – 7,2 mm, agramy – 180 gram.
Galaxy M56-nyň esasy wersiýasy arzanladyş bilen satylýar we 300 dollara durýar.


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...