Orbitada kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi

  • 20.04.2025 10:47
  • 4.4k+

Ýere golaý pes orbitada (160 – 2000 km) kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi. Bu mesele uçurylýan hemralaryň sanynyň artmagy bilen ýitileşýär diýip, Ýewropa Kosmos agentliginiň (ESA) ýyllyk hasabatyna salgylanyp, New Atlas ýazýar.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda NASA-nyň orbitada hasaba alan zibili 6000 tonnadan geçmeýärdi.
ESA-nyň baş direktory Ýozef Aşbaher bu meseläniň giň gerime eýe bolup, ýitileşmegini dowam etdirýändigini, sebäbi “biziň gündelik durmuşda maglumat çeşmesi hökmünde nawigasiýa, telekommunikasiýa, dürli hyzmatlar we Ýere gözegçilik etmek, şol sanda gorag we howpsuzlyk üçin hemralara garaşlydygymyzy” belleýär.
Zibil hemralaryň ýarylmagy, çaknyşyklary ýa-da könelmegi sebäpli döreýär. Hatda millimetr ululykdaky bölejikler hem enjamlara zyýan ýetirip bilýär, santimetr ululykdaky obýektler bolsa energiýasy boýunça granatyň ýarylmagy bilen deňdir. Häzir orbitada diametri bir santimetrden uly bolan azyndan 1,2 mln bölejik bar.
Orbitany arassalamak boýunça halkara düzgünler henizem ýok, ýöne aýry-aýry agentlikler öz çärelerini işläp taýýarlaýar. 2028-nji ýylda ClearSpace-1 hemrasy orbitadan PROBA-1 enjamyny aýyrmaly bolar. Şeýle çözgütleriň üstünde Astroscale ýapon kompaniýasy hem işleýär. Firmalaryň ikisi-de orbitadan işini tamamlan birnäçe britan hemrasyny aýyrmak barada Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi bilen şertnama baglaşdy. 


18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...