29 müň 800 dollardan Volkswagen Passat 2025 tanyşdyryldy

  • 20.04.2025 10:40
  • 6.1k+

Volkswagen 2025-nji ýylyň «Passat PHEV» modelini tanyşdyrdy. Täze model Hytaýda bahasy, takmynan, 29 müň 800 dollardan başlaýan 430PHEV Hybrid Business Edition atly toplum bilen hödürlenýär. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.

Ulagyň dizaýny täzelenipdir we toplumy üýtgedilipdir, şeýle-de 2023-nji ýyldaky modele mahsus bolan käbir funksiýalar aýrylypdyr, bu hem bahanyň düşmegine mümkinçilik beripdir. Awtoulagyň öň tarapy PHEV-i alamatlandyrýan gök nyşanly radiator gözenegi bilen, şeýle-de LED faralar we penjireleriň hrom bezegi bilen özboluşly Volkswagen äheňini saklap galypdyr. Kuzow adaty gapy tutawaçlary bilen enjamlaşdyrylan, arka tarapynda bolsa L-şekilli çyralar we gizlin tüsse çykaryjy turbalar bar.


Tekerleri 16 dýuýma çenli kiçeldilipdir, salony bolsa ýönekeýleşdirilipdir: daşky aýnalaryň elektrik bilen bukulmagy we awtoulagyň gulplanan wagty awtomatiki bukulmagy, awtomatiki garaňkylaşdyrma, Apple CarPlay goldawy, deri oturgyçlar, öňdäki oturgyçlaryň elektrik bilen sazlanmasy we gyzdyrylmasy hem-de öňdäki ýolagçy oturgyjynyň beýikligini sazlamak ýaly aýratynlyklar aýrylypdyr. Şeýle-de yzky park radarlary, ultrases radarlar, millimetr diapazonly radarlar, daşarky kameralar we doly tizlikli uýgunlaşýan kruiz-kontrol ulgamy hem aýrylypdyr.
Ulagyň ölçegleri 4948 x 1836 x 1469 mm, teker bazasy bolsa 2871 mm. Herekete getiriji ulgamy 1,4 litrlik turbomotor we elektrohereketlendiriji bilen bilelikde işleýän gibrid ulgama esaslanýar. Umumylykda 210 at güýjüni öndürýär we 400 N·m tork bilen üpjün edýär. Ol goşa ssepleniýeli 6 basgançakly «çygly» karobka bilen enjamlaşdyrylan. 13 kWt·sag sygymly litiý-ion batareýasy diňe elektrik energiýasy bilen 63 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......