Xiaomi mör-möjeklere garşy göreşýän täze pylesos çykardy

  • 19.04.2025 18:25
  • 4.3k+

Xiaomi kompaniýasy Mijia Dust Mite Vacuum Cleaner 2 Pro atly täze tozan sorujyny hödürledi. Bu enjam diňe düşek, mebel we ýorgan-düşekleri arassalamak bilen çäklenmän, eýsem mör-möjeklere garşy hem göreşýär diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär.

Enjam 16 kPa güýçli sorujy motor bilen üpjün edilen, şeýle-de 21,5 santimetrlik sorujy agzy bar. Bu bolsa tozany we mör-möjekleri netijeli sorup almaga mümkinçilik berýär.
Enjamda 0,8 litrlik goşa konteýner bolup, ol hapany süzmek we saklamak üçin bölünendir.
Enjam 55°C-ä çenli gyzdyryş we 99% netijelilik bilen bakteriýa ýok edýän ultramelewşe çyra bilen enjamlaşdyrylan. Bu tehnologiýa mör-möjekleriň işjeňligini peseldýär we bakteriýalary ýok edýär. Tozan sorujy ýokary galdyrylanda UV şöhle awtomatiki öçýär.
LED displeýiniň üsti bilen mör-möjek derejesi häzirki wagtda görkezilýär: hapanyň derejesine baglylykda ekranyň reňki üýtgeýär. Konteýner açyk görnüşlidir, süzgüçlerini çykaryp ýuwup bolýar. Enjamyň agramy 2,3 kilogram bolup, onuň bäş sany iş tertibi, şol sanda ultrases tertibi hem bar.
Enjamyň bahasy Hytaýda 429 ýuan (takmynan, 58 dollar). Satuwy JD.com web sahypasynda başlady.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...