ESA Hera zondunyň Marsa ýakynlaşýan wideosyny çap etdi

  • 19.04.2025 17:42
  • 2.7k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) 2025-nji ýylyň 12-nji martynda Marsyň golaýynda grawitasiýa manýowryny eden wagtynda Hera zondunyň düşüren suratlaryndan döredilen wideony ýaýratdy. Wideoda apparatyň Gyzyl Planeta ýakynlaşýandygy  görkezilýär. Bu manýowr zonduň traýektoriýasyny düzetmäge we kamerasyny barlamaga kömek etdi.

Gözegçilikler ýakynlaşmadan dokuz gün öň, Mars zonddan 7 million kilometr uzaklykdaka we gyzylymtyl tegmil ýaly bolup görünýärkä başlandy. 200 müň kilometr aralykdan kamera ýygy-ýygydan surata düşürip başlady, polýar telpegini we planetanyň üstündäki jikme-jiklikleri surata aldy.
Şeýle hem, zond 297 kilometr aralykdan Marsyň hemrasy Deýmosy planetanyň fonunda surata düşürip görkezdi. Marsa 5670 kilometr ýakynlaşanda kamera şol ýerdäki kraterleri we egrem-bugramlyklary dury edip ýazga aldy. Manýowryň soňky tapgyrynda zond Fobosy 13 000 kilometr aralykdan surata aldy, ýöne yşygyň düşüşine görä, hemra ýarym Aýa meňzeýärdi.

Suratlar diňe bir ylym üçin gymmatly bolman, eýsem zonduň tehnologiýasyny barlamak üçin hem ähmiýetlidir. Hera 2026-njy ýylyň dekabrynda Didimosa we Dimorfosa baryp ýeter hem-de bu asteroidleri öwrenmäge taýynlanýar. Apparatyň Marsyň ýanyndan uçup geçmegi ESA-nyň alymlaryna geljekki esasy missiýa üçin apparatyň mümkinçiliklerini barlamaga mümkinçilik berdi.


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......