Motorola özüniň ilkinji noutbugyny - Moto Book 60-y hödürledi

  • 19.04.2025 08:46
  • 2.1k+

Motorola kompaniýasy öz taryhynda ilkinji noutbugyny – Moto Book 60-y hödürledi.

Ykjam gurluş durulygy 2,8K we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14 dýuýmlyk OLED ekranyna eýe boldy. Ekran Dolby Vision, HDR tehnologiýalaryny we DCI-P3 reňk giňişligini goldaýar.


Korpus metaldan ýasaldy we MIL-STD-810H ülňüsine laýyk gelýär.
Noutbuk Intel Core 5 210H ýa-da Core 7 240H prosessorlary bilen elýeterlidir. Operatiw ýat – 32 GB çenli artdyrmak mümkinçiligi bilen 16 GB DDR5. Içki saklaýjy – 512 GB ýa-da 1 TB SSD PCIe 4.0. Akkumulýator sygymy 60 Wt/sag bolup, USB-C arkaly 65 Wt çenli zarýad berşi goldaýar.
Moto Book 60 Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4 modullarynyň we Motorola-nyň Smart Connect funksiýasynyň goldawyna eýe boldy. Şeýle-de, iki USB-A porty, iki USB-C, HDMI, audio porty we kardrider göz öňünde tutuldy. Agramy – 1,39 kg.


Noutbuk ýaşyl we gök reňklerde elýeterli.
Baha saýlanan wersiýa görä üýtgeýär. Core 5 çipli, 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýatly wersiýanyň bahasy, takmynan, 780 dollara barabar. Core 7 çipli, 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýatly wersiýa 875 dollara, 16 GB operatiw we 1 TB hemişelik ýatly model bolsa 920 dollara düşýär.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......