Johnson & Johnson OTTAVA hirurgiki robotynyň kliniki synaglaryna başlady

  • 19.04.2025 08:56
  • 2.3k+

Johnson & Johnson MedTech kompaniýasy özüniň täze OTTAVA hirurgiki ulgamynyň kliniki synaglaryna başlady. Robotyň ulanylmagynda ilkinji operasiýalar üstünlikli geçdi.

OTTAVA ýumşak dokuma operasiýalary üçin döredildi. Ulgam hem adaty, hem bedeniň dürli bölekleri bilen işlemegi talap edýän çylşyrymly operasiýalar üçin ulanylyp bilner. Onuň üçin gurallar Ethicon kompaniýasynyň tejribesiniň esasynda döredildi. Geljekde ulgamy Polyphonic sanly platformasyna birikdirmek meýilleşdirilýär – bu bellibir hassanyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, her bir operasiýa aýratyn çemeleşmäge mümkinçilik berer.
Amerikan düzgünleşdirijisi 2024-nji ýylyň ahyrynda kliniki synaglary geçirmäge rugsat berdi.
Ilkibaşda taslamada operasiýa wagty kömek etjek alty robotlaşdyrylan manipulýatory (el) ulanmak meýilleşdirilipdi, ýöne 2023-nji ýylda ulgamyň üýtgediljekdigi habar berildi – indi onda dört manipulýator bolup, olar diňe hirurga zerur bolan ýagdaýynda işlär.
Kliniki synaglaryň çäklerinde OTTAVA bilen işlän ilkinji hirurg Hýustondaky Tehas uniwersitetinden doktor Erik Uilson boldy. Ol Memorial Hermann-Texas lukmançylyk merkezinde hassada aşgazan operasiýasyny geçirdi.
Ulgam henizem işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, häzirlikçe satuwa ýa-da täjirçilik ýaýradylyşyna goýberilmeýär.
Johnson & Johnson MedTech dürli hirurgiýa gatyşyklarynda ulgamyň netijeliligini tassyklamak üçin kliniki synaglaryň dowamynda alnan maglumatlary ulanmagy meýilleşdirýär. Tejribeler tamamlanandan soň, kompaniýa ABŞ-da OTTAVA-nyň hasaba alynmagy üçin arza tabşyrar. 


20.06.2026 12:08
7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......