Linkin Park Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalyndan öň sahna çykar

  • 19.04.2025 00:56
  • 6.4k+

Linkin Park nýu-metal topary 31-nji maýda müňlerçe futbol janköýeriniň öňünde çykyş eder. Bu çykyş topar üçin aýratyn ähmiýetli waka bolup durýar. Sebäbi olar 2024-nji ýylda täze wokalist Emili Armstronk bilen sahna dolanyp geljekdiklerini we «From Zero» atly täze albomlaryny çykarjakdyklaryny yglan edipdiler diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär.

Linkin Park Çempionlar ligasynyň finalyndan öň muşdaklary bilen öz energiýalaryny paýlaşmagy, şeýle hem täze aýdymlary bilen bilelikde muşdaklaryň öňden bäri söýüp diňleýän köne hitlerini, şol sanda meşhur «Numb» aýdymy boýunça taýýarlan remiksini ýerine ýetirmegi meýilleşdirýärler.
Lenni Krawitsiň geçen ýylky çykyşyndan soň, Linkin Park hem ýylyň iň uly sport çäreleriniň biri bolan liganyň finalynda dünýä belli ýyldyzlaryň çykyş däbini dowam etdirer.
Bu çykyş ýerli teleýaýlymlar arkaly we UEFA-nyň resmi YouTube kanaly arkaly göni ýaýlymda görkeziler.
Topar häzirki wagtda dünýä boýunça çykyşly syýahatyny dowam edýär. Gysga dynç alyşdan soň, 26-njy aprelde ABŞ-nyň Ostin şäherindäki konsert bilen syýahatlaryny dowam ederler.


düýn 07:28
7k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......