Ýuwaş ummanynda ýerleşýän ýurtda ilkinji gezek bankomat gurnaldy

  • 19.04.2025 00:09
  • 9.1k+

Dünýäniň iň alysdaky ýurtlarynyň biri bolan Tuwaluda ilkinji gezek bankomat oturdyldy. Ýuwaş ummanyndaky adalarda ýaşaýan halkyň elektron bank hyzmatlaryna girmegi ozal mümkin däldi diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär.

Bankomatlaryň işe girizilmegi mynasybetli, ýurduň baş adasy bolan Funafutiniň Waiaku obasynda dabaraly açylyş çäreleri geçirildi. Şol dabara ýurduň premýer-ministri Feleti Teo bilen bilelikde ýokary wezipeli syýasatçylar hem gatnaşdy. Ilkinji bankomatlar Tuwalunyň Milli bankynyň baş edarasyna gurnaldy.
Häzirki güne çenli Tuwaluda ähli bank amallary diňe nagt görnüşde ýerine ýetirilýärdi. Aýlyk haklaryň geçýän güni bankyň öňünde nobatlar bolýar, bu hem köplenç uzaga çekýär. Bankyň şahamçalary bolsa sagat 14:00-da ýapylýar. Harytlaryň, myhmanhanalaryň we hyzmatlaryň tölegleri hemişe diýen ýaly kagyz pullar bilen tölenýär.
Bankomatlar ýakyn wagtda ýerli obalarda we howa menzilinde hem gurnalar, şeýle hem ilata bank kartlary paýlanar. Ilkibaşda onlaýn bank hyzmatlary «adamlar öwrenişýänçä» mugt bolar diýip, Teo düşündirdi. Bäş bankomaty we 30 terminaly ornaşdyrmagyň çykdajysy 1,9 million dollara barabar boldy.
Tuwaluda, takmynan, 12 müň adam ýaşaýar. Bankomatlardan peýdalanjak müşderileriň sanynyň hem, takmynan, 6 müň adam bolmagyna garaşylýar.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......