«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 adamyny atlandyrdy

  • 18.04.2025 15:47
  • 6.2k+

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 adamy boýunça taýýarlan Time 100 sanawyny çap etdi. Sanawa döredijilik bilen meşgullanýanlar, türgenler, syýasatçylar, alymlar we işewürler girýär.

Adaty bolşy ýaly, sanaw alty kategoriýa bölünýär: «Artistler», «Ikonalar», «Titanlar», «Liderler», «Täzelikçiler» we «Pionerler».
Žurnalyň bu ýylky sahaplarynda «Substansiýa» filmindäki keşbi üçin «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezilen aktrisa Demi Mur, britaniýaly aýdymçy Ed Şiran, tennisçi Serena Uilýams we repçi Snup Dog bar.
«Artistler» kategoriýasyna Edrian Broudi, Bleýk Laýwli, Skarlett Ýohansson, Hiroýuki Sanada, Kristen Bell, Daniel Deduaýler, Adam Skott, Kristen Uig, Diego Luna, Deniel De Kim, eýranly režissýor Mohammad Rasulof, aýdymçylar we sazandalar Roze, Nikol Şerzinger, Hozier we beýlekiler girýär.
«Ikonalar» sanawyna moda, şekillendiriş we edebiýat sungatynyň wekilleri girýär: modelýerler Miuçça Prada we Willi Çawarriýa, suratkeşler Ýositomo Nara, Mikalen Tomas, arhitektorlar Annabel Selldorf, Ma Ýansong, ýazyjylar Persiwal Ewerett, Emi Griffin, Brenden Jeýkobs-Jenkins we beýlekiler.
Serena Uilýamsdan başga-da, ilkinji 100-lüge gimnastikaçy Simona Baýlz, basketbolçylar Brianna Stýuart we Nafisa Kollier, şeýle hem fransuz ýüzüji Leon Marşan girýär.
Şu ýylky sanawda dünýä liderleri we syýasy işgärleriň arasynda ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp, SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we häzirki wagtda ABŞ-nyň Hökümet netijeliliginiň departamentiniň ýolbaşçysy Ilon Mask, ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer, ABŞ-nyň saglygy goraýyş we sosial gulluklar ministri Robert F. Kennedi-kiçi görkezilýär. Bu kategoriýa şu ýyl Facebook-yň esaslandyryjysy Mark Sukerberg, Netflix-iň ýolbaşçysy Ted Sarandos, Delta Air Lines awiakompaniýasynyň baş direktory Ed Bastian, DeepSeek-iň esaslandyryjysy Lýan Wenfen we beýlekiler hem goşuldy.
Time 100 – amerikan žurnalynyň pikirine görä, ýylyň iň täsirli 100 adamyny atlandyrýan sanawdyr. Bu sanawa 1999-njy ýyldan bäri tanymal şahsyýetler hem girizilýär.
Donald Tramp neşiriň sanawyna rekord derejede ýedinji gezek girýär. Ilon Mask alty gezek, Mark Sukerberg bäş gezek, Serena Uilýams, Lorn Maýkls we Simona Baýlz bolsa üç gezek girizildi.

şu gün 14:40
327

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

şu gün 14:16
739

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:15
3.5k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....