Hyundai 3,5 litrlik V6 hereketlendirijili "Palisade XRT Pro 2026" modelini tanyşdyrdy

  • 18.04.2025 15:10
  • 4.9k+

Hyundai kompaniýasy 2026-njy ýylyň «Palisade XRT Pro» modelini tanyşdyrdy. Bu ulag brendiň ýolsuz ýerler üçin niýetläp döreden XRT Pro seriýasynyň ilkinji modeli bolup durýar diýip, «ITHome» portaly habar berýär.

2026-njy ýylyň adaty «Palisade» modeline garanyňda, bu model täze radiator gözenegi, farkoby we öň tarapynyň özboluşly görnüşi bilen tapawutlanýar.
Salony H-Tex emeli deri bilen örtülen oturgyçlar (gyzdyryş we ýelejirediş funksiýalary bilen), 14 sany dinamikaly Bose ses ulgamy, fon yşyklary we elektrikli lýuk bilen enjamlaşdyrylan.

Ulagda eksklýuziw elektron yzky differensial (eLSD) bar, ýerden beýikligi 214 mm (adaty modelden 26 mm ýokary), şeýle hem eňňit ýerlere çykyş burçy (20,5°) we düşüş burçy (22,4°) artdyrylan.
Ulag ýolsuz ýerler üçin niýetlenen 255/60 R18 tekerler, HTRAC doly herekete getiriji ulgamy we palçykly, çägeli, garly ýerlerde tirkeg bilen hereket etmek üçin, täze ýöreýiş tertipleri bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem ulagda eňňitden aşak düşülende tormoz dolandyryş ulgamy, kör nokatlara gözegçilik ulgamy, daş-töweregi 360° görkezýän kamera ulgamy we burçy hem-de beýikligi häzirki wagtda görkezýän displeý bar.
«Hyundai XRT Pro» täze 3,5 litrlik atmosferaly V6 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Bu hereketlendiriji 287 at güýjüni öndürýär we 8 basgançakly awtomatiki karobka bilen işleýär. Ulag, takmynan, 2,3 tonna çenli ýüki çekip bilýär.






08.05.2026 16:04
3.9k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....

06.05.2026 01:36
3.9k+

Täze Elantra N 2027 täze hereketlendiriji bilen Nýurburgringde synagdan geçirilýär

Hyundai N sport setiri üçin täze hereketlendirijini Nýurburgringde synagdan geçirýär. Elantra N1 RP-iň prototipi güýç gurluşynyň ygtybarlylygy synagdan geçirilýän “Nýurburgringiň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşýar....

29.04.2026 11:53
4k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......

31.03.2026 22:22
5.2k+

Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur

Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe......