Xiaomi smartfonlar üçin öz bir kristally ulgamlaryny çykarmak bilen meşgullanar

  • 18.04.2025 11:51
  • 1.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin bir kristally ulgamlary (SoC) işläp taýýarlamak boýunça ýörite bölüm döretdi. Taslama Qualcomm-yň öňki uly direktory Sin Muýun ýolbaşçy boldy. Ol gönüden-göni kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Szýuna hasabat berer.

Xiaomi ozal öz çiplerini taýýarlamaga synanyşyk edipdi. Kompaniýa 2017-nji ýylda 28-nm tehproses boýunça döredilen sekiz ýadroly 64 bitlik prosessor Pengpai S1-i hödürledi. Ol Xiaomi 5C smartfonynda ulanyldy.
Soňra kompaniýa ýene birnäçe kömekçi çipleri işläp taýýarlady. Pengpai C seriýasy şekilleri işlemek, P seriýasy çalt zarýad beriş, G seriýasy energiýany dolandyrmak, T seriýasy signaly güýçlendirmek, D seriýasy displeýler üçin niýetlendi. Bu çözgütler esasy prosessorlaryň ornuny tutmady, ýöne kompaniýa tehniki tejribe toplamaga mümkinçilik berdi.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze SoC sekiz ýadroly bolup, ARM arhitekturasyna esaslanar. Onda 3,2 GGs ýygylyk bilen bir Cortex X925 ýadrosynyň, 2,6 GGs bilen üç Cortex A725 ýadrosynyň we 2,0 GGs bilen dört Cortex A520 ýadrosynyň bolmagyna garaşylýar. Esasy ýadro MediaTek Dimensity 9400 çibinde ulanylan ýalydyr.
Grafika bölegi 1,3 GGs ýygylyk bilen GPU Imagination Technologies IMG DXT72-niň esasynda gurlar. Deslapky maglumatlara görä, bu çip Qualcomm-yň Snapdragon 8 Gen 2 çipsetinde oturdylan Adreno 740-dan güýçli bolup biler. 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...