Hindistanda we Bangladeşde bengal Täze ýyly – 1432-nji ýylyň başlanmagy bellenildi

  • 18.04.2025 12:01
  • 4.4k+

Hindistanyň we Bangladeşiň ýaşaýjylary 15-nji aprelde bengal Täze ýylyny baýram etdi. Bu ýerli ýyl hasaby boýunça 1432-nji ýylyň başlanandygyny aňladýar. Grigorian senenamasy bilen tapawut, takmynan, 594 ýyla deň diýip, Times of India habar berýär.

Pohela Baýsah hökmünde belli bolan bu baýramçylyk Boýşah aýynyň birinji gününe gabat gelýär. Ol Günbatar Bengaliýa we Tripura hindi ştatlarynda, şeýle-de tutuş Bangladeşde bellenilýär.
Şu ýyl bu sebitleriň ýaşaýjylary baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişleri, konsertleri, halk tanslaryny we köçe tagamynyň festiwallaryny gurady. Esasy dabara – Mangal Şobhajatra baýramçylyk ýörişi Dakkada we Kalkuttada geçirildi. 2016-njy ýylda ÝUNESKO bu ýörişi maddy däl medeni mirasyň sanawyna goşdy.


Bengal Täze ýyly ilkinji gezek 1584-nji ýylda, hasyldan soň salgydy ýygnamagy aňsatlaşdyrmak üçin täze senenama girizilende baýram edilip başlandy. Indi bu gün bengallar bergilerini üzmäge we ýyly arassa sahypadan başlamaga çalyşýar. Olar üýtgeşmeleri alamatlandyrýan täze eşikleri geýýär we däp bolan tagamlary taýýarlaýar: fermentirlenen tüwi panta bhaat, hilsa balygy we süýjülikler.
Bangladeşde Pohela Baýsah – döwlet baýramy.



düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....