“Atletik”, “Tottenhem”, “MÝ” we “Budýo-Glimt” Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda oýnar

  • 18.04.2025 10:32
  • 5.1k+

18-nji aprele geçilen gije Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýunlary tamamlandy. Olaryň jemi boýunça ýaryşyň ýarym finalyna gatnaşyjylar kesgitlendi.

Angliýanyň “Mançester Ýunaýtedi” goşmaça wagtda fransuz “Lionyny” (5:4), Bilbaodan “Atletik” Şotlandiýanyň “Reýnjersini” (2:0), iňlis “Tottenhemi” nemes “Aýntrahtyny” (1:0), Norwegiýanyň “Budýo-Glimt” topary bolsa penalti boýunça italýan “Lasiosyny” (3:1, penalti 3:2) utdy.
“MÝ” – “Lion” oýny ýaryşyň taryhynda iň bir täsirli oýunlaryň biri boldy. Angliýa kluby hasaby 2:0 edip, arakesmä gitdi, ýöne ikinji ýarymda iki goly sypdyrdy. Tolisso ikinji sary duýduryşy alandan soň, fransuz kluby 89-njy minutda azlykda galdy. Ýöne bu “Liona” goşmaça wagtda ýene iki gol geçirmäge päsgel bermedi – Şerki we Lýakazett tapawutlandy.
Birbada “MÝ-niň” şu möwsümde iň uly ýeňlişleriň birine sezewar bolmagyna garaşylypdy, ýöne Fernandeş 11 metrlik urgudan gol geçirip, ýer eýelerine umyt berdi, Kobbi Meýnu bolsa 120-nji minutda olary ýaryşy terk etmekden halas etdi.
Bir minutdan soň bolsa iňlis klubunyň merkezi goragçysy Maguaýr hüjüme geçip, kelle urgusy bilen topy uzak ştanga iberdi. Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” ýarym finala ýollama aldy. Gapma-garşylykda umumy hasap – “MÝ-niň” peýdasyna 7:6.
“Atletik” 13 ýylyň içinde ilkinji gezek ýarym finala çykdy. Topar Sansetiň (penalti) we Uilýamsyň (kelle urgusy) gollary bilen “Reýnjersi” utdy.
Dominik Solanke penaltiden gol saldy we bu “Tottenheme” “Aýntrahty” utmak üçin ýeterlik boldy.
“Budýo-Glimt” erkekleriň arasyndaky ýewrokubogyň ýarym finalyna çykan ilkinji Norwegiýa kluby boldy. Öýünde 2:0 utandan soň, Rimde 1:3 hasabynda utulyp, topar penalti tapgyrynda ýeňiş gazandy.

Ýarym finalyň garşydaşlary:

  • “Tottenhem” – “Budýo-Glimt”
  • “Atletik” – “Mançester Ýunaýted”

“Tottenhem” UEFA-nyň Kubogynyň / Ýewropa ligasynyň finallarynda üç gezek oýnap, 1972-nji we 1984-nji ýyllarda kubok aldy. “Mançester Ýunaýted” iki gezek gatnaşdy we bir gezek utdy, “Atletik” iki finalda-da utuldy.
Ýewropa ligasynda ilkinji ýarym final duşuşyklary 2-nji maýa, jogap oýunlary 9-njy maýa geçilýän gije bolar.
Ýaryşyň final oýny Ispaniýada “Atletigiň” “San-Mames” öý stadionynda geçer. Kubogyň häzirki eýesi Italiýanyň “Atalanta” klubudyr.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....