Android smartfonlar howpsuzlyk üçin öz-özünden öçüp, täzeden açylar

  • 17.04.2025 22:37
  • 4.9k+

Android operasion ulgamyna Google Play hyzmatlarynyň soňky täzelenmesinde täze howpsuzlyk aýratynlygy girizildi – enjamyň ekrany üç günläp açylmasa, smartfon awtomatiki ýagdaýda öçüp, täzeden açylar. Bu barada «9to5Google» habar berýär.

Google-yň kömek bölümindäki düşündirişde bu aýratynlygyň diňe «telefonlarda» işe giriziljekdigi aýdylýar, ýagny bu täzelik awtoulaglara, Google Play Games Windows programmasyna, akylly telewizorlara we akylly sagatlara degişli däl. Eger-de smartfon ýa-da planşet 72 sagatdan gowrak wagt ulanylmasa, ol awtomatiki ýagdaýda öçüp, täzeden açylar.
Enjamyň öçüp täzeden açylmagy ony «ilkinji gezek açylmazyndan öňki» ýagdaýyna getirýär. Bu ýagdaýda ähli maglumatlar şifrlenýär we olara girmek kynlaşdyrylýar, üstesine-de biometrik maglumatlar bilen giriş hem deaktiwasiýa edilýär. Şondan soň Pixel telefonlarda «ähli funksiýalar we maglumatlar üçin enjamy açyň» diýen ýazgy peýda bolýar.
Awtomatiki ýagdaýda öçüp täzeden açylmak aýratynlygy adaty ýagdaýda 18 sagat hereketsizlikden soň öçüp täzeden açylýan GrapheneOS ulgamynda (Android-iň bir görnüşi) hem bar. Bu funksiýanyň wagtyny 10 minutdan 72 sagada çenli aralykda sazlap bolýar. Şeýle aýratynlyk iOS 18.1 ulgamynda hem peýda boldy.
Google Play hyzmatlarynyň 25.14 belgili täzelenmesi şu hepdäniň dowamynda ýaýradylyp başlanylar, emma onuň doly güýje girmegi üçin biraz wagt gerek bolar. Täze aýratynlyk üçin Android ulgamynyň dolulygyna täzelenmegi talap edilmeýär. Häzirki wagtda bazardaky Android enjamlarynyň köpüsinde bu aýratynlyk peýda bolar. Bu funksiýanyň nädip işleýändigi barada Google heniz jikme-jik düşündiriş bermedi.


22.04.2026 16:50
826

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

09.02.2026 12:17
1.9k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...

06.02.2026 09:00
1.5k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

22.01.2026 12:20
1.9k+

Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar

Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi...