ABŞ-nyň banklary bazardaky durnuksyzlykdan rekord girdeji gazandy

  • 17.04.2025 15:27
  • 7.2k+

ABŞ-nyň iň iri bäş banky 2025-nji ýylyň ilkinji çärýeginde söwda amallaryndan rekord derejede girdeji gazandy. Munuň sebäbi Donald Trampyň söwda syýasatlarynyň netijesinde, bazarda ýüze çykan durnuksyzlyk bolup durýar.

«Financial Times» neşiriniň maglumatlaryna görä, JPMorgan Chase, Goldman Sachs, Morgan Stanley, Bank of America we Citigroup banklarynyň umumy söwda girdejisi ýylyň birinji çärýeginde 37 milliard dollara ýetdi. Bu soňky on ýylyň iň ýokary görkezijisidir.
Diňe paýnamalar bilen baglanyşykly amallardan banklar 16 milliard dollar gazandylar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34% köpdür.
Donald Trampyň administrasiýasynyň gümrük paçlary boýunça alyp barýan syýasatynyň netijesinde, paýnamalaryň bahasy tiz ýokarlanyp, tiz pese gaçdy. Bu ýagdaýdan treýderler işjeň peýdalandylar.

«Çärýek ýaňy başlady, ýöne häzirlikçe işler örän gowy we müşderilerimiz hem diýseň işjeň» — diýip, Goldman Sachs-yň başlygy Dewid Solomon aýtdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän banky paýnamalar boýunça amallardan 4,2 milliard dollar gazanyp, bäş bankyň iň köp girdeji gazanany boldy.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iň uly ösüşi 45% bilen Morgan Stanley görkezdi. Bank of America bilen Citigroup-yň girdejisi bolsa 20%-den hem az ösüp, toparyň arasyndaky iň pes netijäni görkezdi.
JPMorgan Chase bolsa söwda amallaryndan iň köp umumy girdejini gazandy – 9,7 milliard dollar. Banklar ýokary girdejileriň ikinji çärýekde hem dowam etmegine garaşýarlar.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......