Google dünýä boýunça ulanyjylary bir salga jemleýär – google.com

  • 17.04.2025 15:21
  • 3.4k+

Google kompaniýasy dünýäniň dürli ýurtlarynda gözleg hyzmaty üçin ýokarky derejeli milli domenleri (meselem, Fransiýada google.fr, Ýaponiýada google.co.jp we ş.m.) ulanyp gelýärdi. Indi bu ýagdaý üýtgeýär, ýakyn wagtda Google gözleg hyzmaty dünýäniň ähli ulanyjylary üçin diňe google.com salgysy arkaly elýeterli bolar. Bu barada «9to5Google» habar berýär.

Ilkibaşda Google degişli ýerli gözleg netijelerini hödürlemek üçin, milli domenleri ulanýardy. Ýöne 2017-nji ýyldan bäri kompaniýanyň gözleg ulgamy ulanyjynyň haýsy salgyny ulanýandygyna garamazdan, degişli netijeleri görkezýär. Indi bolsa IT ägirdi ähli gözleg trafigini göni google.com sahypasyna gönükdirer. Bu ulanyjylaryň hyzmat bilen aragatnaşygyny has-da ýönekeýleşdirer.
Bellenip geçilmegine görä, bu üýtgeşme diňe brauzeriň salgy setirindäki salgyny üýtgeder, gözleg hyzmatynyň işine täsir etmez. Şeýle hem bu üýtgeşmäniň çäginde käbir ulanyjylara gözleg sazlamalaryny täzeden düzmek teklip edilip bilner. Gözleg hyzmatynyň google.com domenine doly geçirilmegi birnäçe aýyň dowamynda, tapgyrlaýyn amala aşyrylar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....