Waşingtonyň häkimi 11-nji apreli Aleksandr Oweçkiniň güni diýip yglan etdi

  • 17.04.2025 12:26
  • 5k+

Waşingtonyň häkimi Mýuriel Bauzer 2025-nji ýylyň 11-nji aprelini “Aleksandr Oweçkiniň güni” diýip yglan edýän permana gol çekdi. Bu barada MHL-iň “Waşington Kepitalz” kluby X sosial ulgamynda habar berdi.

Anna güni ABŞ-nyň paýtagtynda 39 ýaşly russiýaly hokkeýçiniň rekordyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Klub dabarany gurnamaga beren ýardamy üçin häkime minnetdarlyk bildirdi.
Bauzer permanda 11-nji aprelde ýaşaýjylaryň we janköýerleriň Oweçkiniň “haýran galdyryjy üstünligini” belläp bilendigini aýtdy.
Häkim hüjümçiniň MHL-däki tutuş karýerasynyň dowamynda “Waşington Kepitalz” bilen oýnap, “klubuň möhüm bölegine öwrülendigini” belledi.
Ýatlap geçsek, 6-njy aprelde Oweçkin “Nýu-Ýork Aýlenderse” garşy oýunda 895-nji şaýbany geçirip, MHL-iň rekordyny goýdy. Ol meşhur Ueýn Gretskiniň 26 ýyl saklanan rekordyny täzeläp, liganyň taryhynda iň gowy snaýper boldy.
Ýeri gelende bellesek, reýtingde indiki ýakyn oýunçy Sidni Krosbiniň hasabynda 624 gol bar.
Şeýle-de, mundan öň “Waşington Kepitalzyň” Oweçkiniň 894-nji we 895-nji şaýbalary girizen derweze torlaryny saklap galjakdygy belli boldy. Olar klubuň hemişelik ekspozisiýasyna goşular. 


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......