Meksikadaky gowakdan ýitip giden tlakotepeua halkynyň artefaktlary tapyldy

  • 17.04.2025 11:43
  • 4.1k+

Meksikanyň Gerrero ştatynyň daglarynda ýerleşýän Tlaýokok gowagyndan ýitip giden tlakotepeua halkyna degişli däp-dessur sowgatlyklary tapyldy. Tapyndylar nusgawy eýýamdan (950-1521) soňky döwre degişli diýip, Heritage Daily neşiri habar berýär .

Bu açyş Adrian Beltran Dimas we Ýekaterina Pawlowa tarapyndan edildi. Olar birnäçe ýyllap sebitiň gowaklarynyň kartasyny düzdüler.
Tlaýokok gowagynyň aşaky gatynda barlagçylar ozal mälim bolmadyk bir otaga alyp barýan, suw basan geçelgäni gördüler. Şol ýerde olar artefaktlaryň – haşamlanan balykgulakdan ýasalan bilezikleriň we pirit aýnalaryna meňzeýän tekiz gara daş diskleriň üstünden bardylar.
Haşamlar ýüzler we nagyşlar görnüşinde bolup, tlakotepeua halkynyň dünýäniň döreýşi we hasyllylyk baradaky pikirleri bilen baglanyşyklydyr diýip çaklanylýar. Artefaktlar stalagmitleriň arasyndan tapyldy, ähtimal däp-dessurlar maksady bilen tegelek şekil berlen bolsa gerek.
Neşiriň ýatlap geçişi ýaly, köp mezoamerikan medeniýetlerinde gowaklar mukaddeslik hasaplanypdyr. Adamlar olarda ýerasty dünýä girelgeleriň bardygyna hem-de tebigatyň taňrylarynyň we ruhlarynyň ýaşaýandygyna ynanypdyrlar.


07.06.2026 20:06
3.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....