Toyota Supra-nyň önümçiligini tamamlaýar: ABŞ-daky iň soňky wersiýasy iki esse arzan, ýöne güýji pes bolar

  • 17.04.2025 07:46
  • 5.3k+

Toyota «GR Supra-nyň» bäşinji nesli bilen hoşlaşýar: «MkV Final Edition» atly iň soňky wersiýa 2025-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň bazaryna çykar. 69 müň dollar bahasy bilen, Ýewropadaky «A90 Final Edition» modelinden iki esse diýen ýaly arzan, emma şoňa görä-de onuň kuwwaty hem pesräk. Ýewropadaky wersiýasy 429 at güýjüni öndürýän bolsa, ABŞ-daky 382 at güýjüni öndürýär. Bu barada «HotCars» habar berýär.

Täze «Supra» 3,0 litrlik turbomotor bilen enjamlaşdyrylan we alty basgançakly mehanika ýa-da 8 basgançakly awtomatiki karobka bilen hödürlenýär. Differensialy, asma ulgamy we Brembo tormozlary kämilleşdirilen, şeýle hem Michelin tekerler we uglerod (karbon) bezegler goşulypdyr. Salony alkantara material, gyzyl howpsuzlyk kemerleri we eksklýuziw elementler bilen bezelen.
Awtoulagyň daşky görnüşi «GT4-i» ýatladýar: mat görnüşli (ýalpyldamaýan) 19 dýuýmlyk diskleri we uglerod süýümli spoýleri onuň ýaryş ruhuny has-da güýçlendirýär.
«Supra MkV-niň» önümçiligi 2026-njy ýylda doly bes ediler. Toyota eýýäm täze nesil sportkaryň üstünde işleýär. Onda yzky tigirlerden herekete getiriji ulgam saklanyp galar, emma hereketlendirijisi barada heniz anyk maglumat ýok.


düýn 21:15
3.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......