ABŞ-nyň ýaşaýjysy iki sany Toyota Tundra-da 3 million km ýol geçdi

  • 17.04.2025 01:16
  • 10k+

ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň ýaşaýjysy Wiktor Şepard 2007-nji we 2014-nji ýyl iki sany «Toyota Tundra» pikaby bilen 3 million kilometrden köp ýol geçip, olaryň ygtybarlylygyny subut etdi. Bu barada «The Drive» neşiri habar berýär.

Ilki bilen ol 2007-nji ýylda Toyota-nyň Tehasdaky zawodynda öndürilen model bilen 9 ýylyň dowamynda 1,6 million km geçdi. Soň bolsa şol üstünligi 2014-nji ýylyň «SR5 Double Cab» modeli bilen gaýtalady – bu pikap şol aralygy 11 ýylyň dowamynda geçdi. Ulanyş döwründe diňe generator bilen transmissiýasyny çalyşmaly boldy.
Şepard şertnama boýunça sürüji bolup işleýär, şonuň üçinem her ýyl işi sebäpli, takmynan, 200 müň km ýol geçýär.
Toyota kompaniýasy köne modeliň näderejede berkdigini öwrenmek üçin, Şeparda 2007-nji ýyl pikabyny 2016-njy ýylyň täze modeli bilen çalyşmagy teklip etdi. Sökülip barlanylanda, köne ulagyň ýagdaýy ajaýyp bolup çykdy: onuň original hereketlendirijisi, transmissiýasy we köp bölegi 117 gezek serwise barlandan soň hem işläp durdy.
Häzirki wagtda Şepard iş üçin 2014-nji ýyl modelini ulanýar, 2016-njy ýylyň «Tundra-syny» bolsa şahsy gezelençleri üçin ulanýar.


düýn 21:15
3.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......