Samsung ulanyjylaryň arz-şikaýatlaryndan soň, One UI 7 täzelenmesini ýaýratmagyny bes etdi

  • 17.04.2025 00:56
  • 2.7k+

Samsung kompaniýasy One UI 7 täzelenmesini paýlamagy wagtlaýynça bes etdi. Ulanyjylar Galaxy S24 smartfonlaryny açmaga päsgel berýän bökdençlikler barada habar berýärler diýip, Wccftech.com habar berýär.

One UI 7 programma üpjünçiliginiň dünýä ýaýramagy 7-nji aprelde başlandy. Ol Android 15 -e esaslanýar we emeli aň ulanylýan täze özleşdirme funksiýalary bilen üpjün edilen. Ony ilkinji bolup Galaxy S24, Galaxy Z Fold 6 we Z Flip 6 enjamlary aldy. Soňlugy bilen täzelenmäni beýleki modellere we sebitlere ýaýratmak meýilleşdirilipdi, ýöne birnäçe günden soň kompaniýa tehniki ýalňyşlyklaryň bardygyna we has gowy ulanyjy tejribesini üpjün etmäge çalşylýandygyna salgylanyp, ony ýaýratmagyny togtatdy.
Mesele ilkinji gezek Günorta Koreýada bellige alyndy. One UI 7-ni guranlaryndan soň, Galaxy S24-iň käbir eýeleri enjamyň gulpuny açyp bilmedi diýip, Insider Ice Universe habar berdi. Forumlarda bökdençlikleriň Exynos 2400 prosessorly modellerde ýüze çykýandygy bellenýär.
Samsung bu meseläni çözmek üçin patch goýbermedi-de, OTA faýllar serwerlerden doly aýryldy.
Häzirki wagta çenli Samsung-dan gelip gowşan resmi beýanat ýok. Täzelenmek isleýän ulanyjylar kemçiligi düzedilen täze programma üpjünçiligi wersiýasynyň çykmagyna garaşmaly bolsalar gerek.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...