Samsung berk goralan Galaxy XCover7 Pro smartfonyny hödürledi: bahasy €610

  • 16.04.2025 18:37
  • 6.1k+

Samsung täze goralan Galaxy XCover 7 Pro smartfonyny anons etdi. Ol 8-nji maýda 610 ýewro baha bilen satuwa çykar diýip, GSMArena neşiri ýazýar.

Smartfon IP68 we MIL-STD-810H ülňülerine laýyk gelýär, bu hem suwdan, tozandan we urgudan goragyň bardygyny aňladýar. Korpus rezinlenen gorag bilen üpjün edildi. Ekran Corning Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen örtüldi. 6,6 dýuým diagonally IPS displeýi Full HD+ durulygyna we 120 Gs täzelenme ýygylygyna eýedir.
Galaxy XCover 7 Pro smartfony Qualcomm Snapdragon 7s Gen 3 prosessorynda işleýär. Operasion ulgam One UI 7.0 interfeýsi bilen Android 15-dir.
Smartfon 6 GB operatiw ýat we 128 GB içki ýat bilen elýeterli.
Akkumulýator sygymy 4350 mA/sag barabar. Zarýad beriş USB Type-C 3.2 ýa-da POGO kontaktlary arkaly amala aşyrylýar. Smartfon 5G, Wi-Fi 6E, Bluetooth 5.4, NFC tehnologiýalaryny, bir fiziki SIM kartyny we e-SIM-i goldaýar.
50 Mp esasy kamera bilen birlikde 8 Mp ultra-giňburçly kamera bar. Frontal kamera – 13 Mp.
Beýleki aýratynlyklaryň arasynda stereodinamikalar, gapdal barmak yzynyň skaneri we programmalara çalt girmek üçin iki sany sazlanýan düwme bar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...