MrBeast Afrikadaky çagalara kömek etmek üçin täze haýyr-sahawat taslamalaryny işe girizdi

  • 16.04.2025 07:54
  • 5.1k+

Meşhur bloger MrBeast öz YouTube kanalynda täze wideo neşir edip, Keniýadaky we Ganadaky çagalara kömek etmäge gönükdirilen täze taslamalary barada gürrüň berdi.

YouTube blogeri birnäçe mekdepde okuwçylaryň ertirlik we günortanlyk nahar bilen üpjün edilmegi üçin iýmitleniş programmalaryny gurady. Mundan başga-da, şol okuw jaýlarynda partalar täzelendi, täze aşhana we ýyladyşhana guruldy hem-de suw saklamak üçin uly howdan gazdyryldy.
Şeýle hem MrBeast azyk önümlerini daşap bilmekleri üçin, ýerli daýhanlara traktor we ýük ulagyny sowgat berdi.
Bloger bikanun çaga zähmeti bilen göreşmek üçin, täze gözegçilik ulgamynyň işe girizilýändigini hem mälim etdi. Onuň sözlerine görä, täze programma ýetginjeklere meýdanlarda işlemän, mekdepde has köp wagt geçirmäge mümkinçilik berer.
Bulardan başga-da, MrBeast ABŞ-da açlyk meselesini çözmek baradaky uly maksadyny hem mälim etdi. Bu başlangyç üçin ol bir ýük ulagyny satyn alyp, ýurduň içinde iýmite mätäç adamlary iýmit bilen üpjün edýän haýyr-sahawat guramasyna pul kömegini berdi.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......