Porsche elektromobiller üçin batareýalary gaýtadan işlemek boýunça taslamasyny işe girizýär

  • 16.04.2025 09:50
  • 2.2k+

Porsche awtoulag öndürijisi köne elektromobil batereýalaryny gaýtadan işläp, olaryň düzümindäki gymmatly materiallary täze batereýalarda gaýtadan ulanmak üçin ýörite taslama işe girizdi. Esasy maksat – önümçilikde ýapyk aýlaw döretmek hem-de durnuksyz çig mal bazaryna bolan garaşlylygy azaltmak. Bu barada «Electrek» neşiri habar berýär.

Ulanylan batereýalar ýörite enjamlar bilen ezilýär we «gara massa» diýlip atlandyrylýan çig mal alynýar. Bu massanyň düzüminde nikel, kobalt, marganes we litiý ýaly gymmatly metallar bolýar. Soňra bu metallary arassalap, hersi aýratynlykda bölünip çykarylýar we täze batereýalaryň önümçiliginde peýdalanylýar.
Munuň bilen bir hatarda, Porsche Germaniýanyň Dormagen şäherinde batereýalary gaýtadan işleýän uly zawody gurýan Cylib atly startapy hem goldaýar. 22 müň inedördül metr meýdany bolan bu kärhanada her ýyl 30 müň tonna çenli köne batereýalar gaýtadan işleniler. Bu zawod Ýewropadaky şeýle görnüşli kärhanalaryň iň ulusy bolar.
Bu çemeleşmeler Porsche-niň uglerod bitaraplygyna ýetmek strategiýasyna laýyk gelýär hem-de 2031-nji ýylda güýje girjek Ýewropa Bileleşiginiň batereýalaryň gaýtadan işlenmegine degişli täze düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....