IT ägirtleri täze nyrhlaryň girizilmeginden ätiýaç edip, ABŞ-a 62,7 mln kompýuter getirdiler

  • 16.04.2025 07:58
  • 2.2k+

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Lenovo, HP, Apple we Dell ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda çäklendirmeleriniň mümkinçiliginden howatyrlanyp, kompýuter enjamlarynyň gowşurylyşyny ep-esli ýokarlandyrdylar.

Canalys analitika kompaniýasynyň maglumatyna görä, ýylyň ilkinji üç aýynda dünýä boýunça kompýuterleriň iberişi 62,7 milliona ýetdi. Bu görkeziji öňki çärýek bilen deňeşdirilende 9,4% ýokary bolup, soňky dört ýylyň iň ýokary derejesi boldy.
Bu ösüş täze gümrük paçlarynyň güýje girmezinden öň, kompaniýalaryň ätiýaçlyk döretmäge synanyşmagy bilen baglanyşyklydyr. Esasy önümçilik bazalarynyň Hytaýda ýerleşýändigi sebäpli, öndürijiler goşmaça çykdajylardan gaça durmak maksady bilen, noutbuklaryň, stol kompýuterleriniň we iş stansiýalarynyň importyny çaltlaşdyrdylar.
Analitikleriň bellemegine görä, bu strategiýa kompaniýalara täze nyrhlardan täsirlenmeýän ätiýaçlyklary ýygnamaga mümkinçilik berdi. Ulanyjylaryň islegi durnukly galýan hem bolsa, öndürijiler gowşurylyşlary bilkastlaýyn ýokarlandyrdylar.
Öňräk kompaniýalar üpjün edijilerden önümçiligi tizleşdirmegi talap edipdiler. Birinji çärýekde gazanylan rekord derejesindäki gowşurylyş bu tagallalaryň üstünlikli bolandygyny görkezýär.
Ýatlatsak, Tramp administrasiýasy döwründe köp sanly elektron enjam we olaryň bölekleri gümrük paçlaryndan boşadylypdy. Paçlardan boşadylan harytlaryň arasynda smartfonlar, noutbuklar, gaty diskler, kompýuter prosessorlary we ýat mikroshemalary hem bardy.
Şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň Söwda ministri Goward Lýutnik bu ýeňillikleriň diňe "garşylyklaýyn" paçlardan boşadylandygyny belläp geçdi. Şeýle-de ol öňümizdäki bir-iki aýyň dowamynda, esasan hem ýarymgeçirijilere degişli aýratyn gümrük paçlarynyň güýje girjekdigini aýtdy.

“Bu harytlaryň hemmesi ýarymgeçirijilere degişli bolar we olaryň Amerikada gaýtadan öndürilmegini üpjün etmek üçin täze nyrhlar güýje girer. Çiplere we ýarymgeçirijilere bolan islegimiz örän ýokary, biz bu ugurda diňe Günorta-Gündogar Aziýa garaşly bolup bilmeris. Şonuň üçinem häzirki ýeňillikler wagtlaýyn” diýip, Lýutnik “ABC” teleýaýlymyndaky “This Week” atly gepleşikde aýtdy.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......