Snapdragon 8 Elite-li täze Galaxy Z Fold7 öndürijilik babatda bäsdeşlerinden ýokary netijeleri görkezdi

  • 16.04.2025 08:04
  • 4k+

Geekbench maglumatlar bazasy Samsung Galaxy Z Fold7-niň (SM-F966U) synag netijelerini çap etdi. OpenCL synagynda Samsung-yň eplenýän flagmany 18143 bal gazandy, bu Oppo Find N5-iňkiden 2,6 % we Galaxy Z Fold6-nyňkydan 27,9 % ýokarydyr.

Enjam iki ýadroda 4,47 GGs ýygylygy bolan 8 ýadroly Snapdragon 8 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze önümde 12 Gb RAM bar we Android 16-da işleýär, bu Samsung-yň eplenýän modelleri üçin täzelikdir.
Galaxy Z Fold7 Galaxy Z Fold Special Edition-yň aýratynlyklaryny: has uly displeýleri, çala bildirýän ekran epinini we 200MP-lyk kamerany miras galar diýlip garaşylýar.
Samsung adatça eplenýän smartfonlary awgust aýynda bildiriş edýär. 2025-nji ýylda hatara Z Flip7, Z Fold7, Z Flip FE we ilkinji trifold Galaxy G Fold girip biler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...