Galaxy S25 Ultra-nyň giňburçly kamerasynda kemçilik ýüze çykdy

  • 15.04.2025 13:08
  • 9.3k+

Galaxy S25 Ultra-nyň eýeleri giňburçly kameranyň surata düşürýän wagty titräp, yrgyldap başlaýandygyny aýdýarlar. Bu mesele, ähtimal, enjamyň özündäki näsazlyk bilen baglanyşykly diýip, «Android Authority» neşiri habar berýär.

Bu kemçilik sebäpli, 50 megapiksellik giňburçly kamerany ulanyp bolmaýar. Reddit-de we Samsung-yň jemgyýetçilik sahypalarynda ulanyjylar bu näsazlygyň Snapchat ýaly daşarky programmalarda-da ýüze çykýandygyny belleýärler.
Mesele iPhone 14 Pro-da ýüze çykan optiki stabilizasiýa ulgamyndaky näsazlyga meňzeýär, emma Galaxy S25 Ultra-nyň kamerasynda beýle ulgam ýok. Bu ýagdaý awtofokusda ýa-da beýleki mehaniki böleklerde näsazlygyň bardygyny görkezýär. Käbir ulanyjylar bu meseläni enjamyň programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen baglanyşdyrýarlar, emma Samsung bu baglanyşygy häzirlikçe tassyklanok.
Smartfonlaryň eýeleriniň käbirleri hyzmat merkezlerine ýüz tutupdyrlar we ol ýerde kameralary çalşylypdyr, mesele enjam bilen bagly kemçilik hökmünde kabul edilipdir.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...