Adobe Photoshop we Premiere Pro programmalaryna EA kömekçilerini goşar

  • 15.04.2025 13:05
  • 1.9k+

Adobe kompaniýasy Photoshop we Premiere Pro programmalaryna EA kömekçilerini goşmagyň üstünde işleýär. Bu barada Adobe-iň sanly media boýunça tehniki müdiri Ilaý Grinfild kompaniýanyň blogunda habar berdi.

Photoshop-da “döredijilik agenti” atly täze EA kömekçisi Actions paneli arkaly elýeterli bolar. Ol suraty seljerip, düzedişleri, mysal üçin, artykmaç obýektleri aýyrmagy ýa-da fonuny bulaşdyrmagy teklip eder. Üýtgeşmeler saýlanan görnüş tassyklanandan soň ulanylyp bilner diýip, The Verge habar berýär.
Ozal Photoshop-da suratyň üstüni ýetirmek üçin Generative Fill we gerekmejek obýektleri aýyrmak üçin Distraction Removal ýaly EA gurallary peýda boldy. Tejribeli ulanyjylar el bilen redaktirlemegi makul bilse-de, Adobe awtomatik funksiýalary ösdürmegi dowam etdirýär.
Geljekde ulanyjylar kömekçä buýruklary tebigy dilde berip biler. Bu çylşyrymly amallaryň ýerine ýetirilmegini aňsatlaşdyrar. Şol bir wagtyň özünde, alnan netijäni elde hem redaktirlemek bolar.
Premiere Pro wideoredaktorynda kompaniýa Media Intelligence tehnologiýasyny ösdürýär. Indi ol wideoda zerur fragmentleri tapmaga kömek edýär. Geljekde EA islege görä deslapky garalama montažyny ýerine ýetirip biler.

“EA adamyň döredijilik garaýşynyň ornuny tutmasa-da, ol taslamanyň üstündäki işleri çaltlaşdyrjak oýlanyşykly pikirleri teklip etmäge ukyply. Mundan başga-da, ol birnäçe gezek basmak bilen çylşyrymly işleri ýerine ýetirmegi öwredip, redaktoryň hünär ösüşine ýardam eder” – diýip, Grinfild belledi.

Photoshop üçin ilkinji EA agentiniň tehnologiýasy 24-nji aprelde Londondaky Adobe Max çäresinde hödürlener.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......