Samsung Victus+ gorag aýnaly Galaxy M56 5G smartfonyny bildiriş etdi

  • 14.04.2025 23:01
  • 4.1k+

Samsung kompaniýasy täze orta aralyk Galaxy M56 5G smartfonyny hödürledi. Bu bildiriş Amazon India-da tizer arkaly berildi, resmi taýdan smartfony 17-nji aprelde tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

Model inçe - bary-ýogy 7,2 mm-lik korpusy bilen tapawutlanýar. Galaxy A56 5G -den tapawutlylykda, täze önüm birneme agras dizaýna eýe: gapdal gyralary indi tekiz. Key Island-yň firma çözgüdinden ýüz öwürmek kararyna geldiler.
Täze önümiň esasy aýratynlygy - 50 MP esasy datçikli (optiki durnuklaşdyryjyly), 8 MP ultra giň burçly modully we 2 MP makro kameraly üç esasy kamerasynyň bolmagy. Samsung ulgamy "Monster Camera" diýip atlandyrýar we ýörite AI prosessorynyň kömegi bilen gijeki surata düşüriş mümkinçiliklerine ünsi çekýär.

12MP-lik öňdäki kamera bu baha segmentinde seýrek bolýan 10 bitli HDR wideosyny ýazga alyp biler.
sAMOLED ekrany Galaxy M55-den 33% ýagty , çarçuwalary bolsa 36% inçe boldy. Esasy aýratynlyklaryň biri, adatça has gymmat modellerde oturdylýan Gorilla Glass Victus + gorag aýnasy ulanylmagy.
Yzky paneldäki kameralar “gerde” görnüşinde düzülendir. Şeýle hem, enjam obýekti aýyrmak ýaly, AI surat işleýiş gurallary bilen bilelikde gelýär.
Bahasy entek açylmady, ýöne modeliň Galaxy A56 5G-den arzan bolmagyna garaşylýar.



11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...