Çehiýada bir aýal gezelenç wagty orta asyra degişli 2000-den gowrak teňňe tapdy

  • 14.04.2025 15:27
  • 7.4k+

Çehiýada bir aýal gezelenç edýän wagty 2150-den gowrak kümüş teňňeden (denariýden) ybarat hazyna tapdy. Bu hazynanyň, takmynan, 900 ýyllyk taryhy bar diýip, «Popular Mechanics» neşiri habar berýär.

Teňňeler döwlüp giden keramiki küýzäniň içinde tapyldy. Çehiýa Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyndan hünärmen Filipp Welimskiniň aýtmagyna görä, bu hazyna, ähtimal, XII asyryň birinji çärýeginde gizlenilen bolmaly. Sebäbi, şol döwürde sebitiň syýasy ýagdaýy durnuksyz eken.
Şol ýyllarda Pržemyslowiçler nesilşalygynyň agzalary knýazlyk tagtynyň ugrunda çekeleşik edýärdiler.
Gözlegçileriň pikirine görä, bu teňňeler söweşde ýeňiş gazanylansoň alnan olja ýa-da esgerlere tölenilen hak bolmaly.
Teňňeleriň bir bölegi, ähtimal, knýaz Wratislaw II, Bržetislaw II we Boržiwoý II-niň döwründe zikgelenen bolmaly.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......