“Maklaren” öňde: Piastri Bahreýniň Gran-prisiniň ýeňijisi, Norris sürüjileriň sanawynda birinji boldy

  • 14.04.2025 14:22
  • 1.4k+

“Maklaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň dördünji tapgyry bolan Bahreýniň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Sahirdäki awtodromda geçirildi. Bu Piastriniň häzirki möwsümde ikinji we karýerasynda dördünji ýeňşi boldy.

Ikinji orny “Mersedesden” britaniýaly Jorj Rassell eýeledi. Ol 15,499 sekunt yza galdy. Üçünji bolup pellehana Piastriniň topardaşy Lando Norris geldi. Ol öňdebaryjydan 16,273 sekunt yza galdy.
Şeýle-de, iň gowularyň ilkinji onlugyna şular girdi: Şarl Lekler (Ferrari, +19,679), Lýuis Hemilton (Ferrari, +27,993), Maks Werstappen (Red Bull, +34,395), Pýer Gasli (Alpin, +36,002), Esteban Okon (Haas, +44,244), Ýuki Sunoda (Red Bull, +45,061) we Oliwer Berman (Haas, +47,594).
Ýaryşyň netijesinde Lando Norris sürüjileriň umumy sanawynda 77 utuk bilen birinji orny eýeledi. Piastri 74 utuk bilen ikinji orna çykdy. Ol 69 utuk bilen üçünji orna düşen Maks Werstappenden öňe geçdi. Ilkinji bäşlige Jorj Rassell (63 utuk) we Şarl Lekler (32 utuk) hem girdi.
Konstruktorlaryň kubogynda 151 utuk bilen “Maklaren” birinji orny eýeleýär. Onuň yzyndan “Mersedes” (93 utuk), “Red Bull” (71 utuk), “Ferrari” (57 utuk) we “Haas” (20 utuk) gelýär.
“Formula-1” çempionatynyň indiki tapgyry 20-nji aprelde Saud Arabystanynda geçer. 


şu gün 07:51
1.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 23:33
3.4k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....