Bütin dünýä boýunça diňe 2024-nji ýylda kompýuter oýunlaryna $37,3 milliarddan gowrak pul harçlanyldy

  • 14.04.2025 13:40
  • 2.6k+

Kompýuter oýun pudagy ösmegini dowam edýär – 2024-nji ýylda oýunçylar oýunlara 37,3 milliard dollar harçlady diýip, «Newzoo» platformasynyň täze hasabatynda aýdylýar.

Bu mukdaryň tas üçden iki bölegi mikrotöleglere degişli boldy – 24,4 milliard dollar ýa-da jemi girdejiniň 58%-i. Oýnuň içindäki satyn almalarda öňdeligi eýelänler Call of Duty: Black Ops 6, Roblox we Fortnite boldy.
Goşmaça mazmunlar (DLC) hem ösüş görkezdi – 5,3 milliard dollar (2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende +0,8%). Bu görkezijä esasy goşandy Diablo 4, Elden Ring we World of Warcraft oýunlarynyň giňeltmeleri goşdy.
Emma premium oýunlarynyň satuwy pese düşdi: ýylda 10,7 milliard dollar – bu jemi girdejiniň 28%-i, emma geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,6% az. Umuman, kompýuter oýun bazary bary-ýogy 0,1%, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa 5,4% ösdi.
«Newzoo» platformasynyň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda bu görkeziji 37,9 milliard dollara ýeter, 2027-nji ýylda bolsa 40 milliard dollardan geçer.
Mikrotölegler näme?
Käbir oýunlary mugt ýükläp bolýar, ýöne oýnuň içinde ösüş gazanmak, gahrymanyňy bezemek, aýratyn esbaplary ýa-da artykmaçlyklary satyn almak üçin kem-kemden töleg etmeli. Mysal üçin, Fortnite, Roblox, Call of Duty: Warzone – bu oýunlary ýükläp almak we oýnamak mugt, emma kostýum, ýarag, battle pass we ş.m. satyn almak isleseň, pul tölemeli bolýar. Şeýle oýunlara, free-to-play + mikrotölegli model diýilýär. Klassyky oýun satyn alnanda bolsa, başda pul töläp oýny satyn alanyňda, onuň tutuş mazmuny mugt bolýar.

düýn 22:05
1.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.5k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......