Counter-Strike 2 bütin dünýäde bökdençliklere sezewar boldy

  • 13.04.2025 23:26
  • 5.4k+

12-nji aprelde meşhur Counter-Strike 2 şuteriniň (atyşykly kompýuter oýny) serwerleri dünýä boýunça bökdençliklere sezewar boldy. Hut şol gün hem oýun Steam-de täze onlaýn rekordyny goýdy.

Bu soňky üç aýyň içinde bäşinji global bökdençlikdir. Dünýäde müňlerçe oýunçy oýunlardan çykarylyp goýberilýändigini habar berdi. Oýny başlamaga synanyşylanda "Serwer bilen aragatnaşyk ýok" habary peýda boldy.
DownDetector hyzmatynyň berýän habaryna görä, mesele aşgabat wagty bilen 18:45-de başlandy. Bökdençlik Russiýa, Awstriýa, Fransiýa, ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Finlýandiýa, Germaniýa we beýleki köp ýurtlara täsir etdi.
Hut şol gün şuter Steam-de meşhurlykda rekord goýdy. Bir wagtyň özünde oýna 1 862 531 adam girdi - bu taslamanyň tutuş taryhynda iň gowy netije. Öňki rekord mart aýynda - onlaýn oýunçylar 1 824 milliona ýetende goýlupdy. Näsazlyk  ulanyjylaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşykly ýüze çykdymy ýa-da ýok, entek belli däl. Oýny işläp düzen Valve kompaniýasy resmi düşündiriş bermedi.
Counter-Strike 2 platformanyň taryhynda iň ýokary onlaýn derejäni eýelemek boýunça diňe Palworld-dan (2,1 million adam), Black Myth: Wukong-dan (2,4 million adam) we PUBG: Battlegrounds-dan (3,2 million adam) yzda galmak bilen, dördünji orny eýelemegini dowam etdirýär.
13-nji apreldäki ýagdaýa görä, Counter-Strike 2 kadaly işleýär, ýöne ulanyjylar wagtal-wagtal kynçylyklara duçar bolýarlar.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......