XXI asyryň iň gowy hüjümçileri atlandyryldy

  • 13.04.2025 17:07
  • 14k+

Abraýly «Goal» sport portaly XXI asyryň iň gowy futbol hüjümçileriniň reýtingini düzdi. Ilkinji 10-luga Ýewropa klublarynyň iň täsirli hüjümçi üçlükleri girýär.

Portala görä, müňýyllygyň başyndaky iň gowy hüjümçi üçlük «Barselonanyň» öňki futbolçylary bolan Messi, Suares we Neýmar boldy. Olar 2010-njy ýyllaryň ortalarynda katalon klubunda çykyş edipdiler.
Iň gowy hüjümçi üçlükleriň onlugy:

10. Halk, Radamel Falkao we Silwestre Warela — «Portu»,
9. Mario Gýotse, Robert Lewandowski we Marko Roýs — Dortmundyň «Borussiýasy»,
8. Pedro, Eden Azar we Diego Kosta — «Çelsi»,
7. Kilian Mbappe, Edinson Kawani we Neýmar — «PSŽ»,
6. Rober Pires, Dennis Bergkamp we Týerri Anri — «Arsenal»,
5. Mohamed Salah, Roberto Firmino we Sadio Mane — «Liwerpul»,
4. Kriştianu Ronaldu, Karlos Tewes we Ueýn Runi — «Mançester Ýunaýted»,
3. Anri, Eto′O, Messi — «Barselona»,
2. Karim Benzema, Garet Beýl we Kriştianu Ronaldu — «Real»,
1. Neýmar, Suares, Messi — «Barselona».


düýn 23:12
1k+

FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy. «Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar...

düýn 21:47
820

«Inter Maýami» Luis Suares bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy

Urugwaýly hüjümçi Luis Suares Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» kluby bilen täze şertnama baglaşdy. Ylalaşyk 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi. 38 ýaşly hüjümçi amerikan klubunda 2024-nji ýyldan bäri çykyş edýär...

düýn 13:11
5.7k+

«PSŽ» penalti tapgyrynda FIFA-nyň Yklymara kubogyny utdy: Safonow 4 topy yzyna gaýtardy

«Pari Sen-Žermen» taryhda ilkinji gezek FIFA-nyň Yklymara kubogynyň eýesi boldy. Ol Braziliýanyň «Flamengo» klubuny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy. Er-Raýýanda (Katar) geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, 11 metrlikden gol geçirmekde bolsa parižliler güýçli geldi – 2:1...

düýn 11:52
2.5k+

Usman Dembele IFFHS tarapyndan 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «Pari Sen-Žermen» klubunyň hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi...