ABŞ telefonlary we kompýuterleri täze gümrük paçlaryndan boşatdy

  • 13.04.2025 16:26
  • 6.5k+

ABŞ-nyň Serhet-gümrük gullugy 12-nji aprelde täze girizilen gümrük paçlaryndan boşadyljak harytlaryň sanawyny çap etdi. Bu sanawa telefonlar, noutbuklar, gaty diskler, prosessorlar, ýat çipleri we ýarymgeçiriji önümçiliginde ulanylýan enjamlaryň birnäçesi degişlidir diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Sanawda görkezilen harytlara Hytaýdan getirilýän önümler üçin göz öňünde tutulan 145% möçberindäki gümrük paçlary, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlaryna degişli 10%-lik esasy paç hem degişli bolmaz.
Ak tam bu tema boýunça «Bloomberg-iň» soragyna düşündiriş bermedi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, paçdan boşadylan harytlaryň köpüsi ABŞ-da öndürilmeýän, giňden ulanylýan elektron enjamlardyr. Şeýle çözgüt sarp edijiler üçin bahalaryň birden ýokarlanmagynyň öňüni alyp biler, şeýle-de Apple, Samsung we Taiwan Semiconductor Manufacturing ýaly iri öndürijilere goldaw berip biler.
Mundan ozal Donald Tramp ABŞ-nyň daşary ýurtlardan getirilýän ýarymgeçiriji çiplere gümrük paçlaryny girizmek isleýändigini aýdypdy. Emma häzirlikçe bu çäreler güýje girenok.
Häzirki wagtda pudaklaýyn gümrük paçlary 25% möçberindedir, ýöne ýarymgeçirijiler we olara degişli önümler üçin nyrhlaryň takyk derejesi häzirlikçe kesgitlenmedi.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......