Mercedes energiýany 50% tygşytlaýan täze boýag hataryny döredýär

  • 12.04.2025 18:07
  • 5.7k+

Mercedes-Benz Zindelfingendäki (Germaniýa) zawodynda täze Next Generation Paintshop boýag hatarynyň gurluşygyna başlady. Meýdany 170 000 inedördül metr bolan toplum öňki gurnama hatarynyň ýerinde döredilýär we durnukly önümçilige geçmegiň bir bölegi bolar.

Kompaniýa bu taslama birnäçe ýüz million dollar maýa goýýar. Ulgam gazylyp alynýan ýangyçlary ulanmazdan, diňe gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýan energiýa bilen işlär. Bu energiýanyň sarp edilişini 50%, zyňyndylary 60% azaldar.
Toplumda 250 töweregi robot, MO360 bulut hyzmatlary we toplumyň sanly taýy hereket eder. Hatarda S-Class, Maybach, EQS we E-Class modelleri reňklener. Şeýle-de, Gün panellerini we ýylylyk nasoslary bilen ýyladyş ulgamyny ulanmak meýilleşdirilýär.
Taslama Mercedes-iň daşky gurşawa täsiri azaltmak strategiýasyna laýyk gelip, ekologiýa taýdan arassa awtoulag önümçiligine tarap ädim bolar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....