Prada moda öýi 1,375 mlrd dollara Versace brendini satyn aldy

  • 11.04.2025 16:20
  • 2.4k+

Prada moda öýi Capri Holdings Ltd kompaniýasyndan Versace brendini satyn aldy. Şertnamanyň bahasy 1,375 mlrd dollar boldy.

Capri Holdings brendiň satylmagynyň kompaniýanyň maliýe ýagdaýyny berkitmäge, Michael Kors brendine maýa goýumlary çaltlaşdyrmaga we paýnamalaryň bahasyny ýokarlandyrmaga ýardam etmegine garaşýar.
Mümkin bolan satuw baradaky habar heniz ýanwar aýynda peýda boldy. Şol wagt Il Sole 24 Ore italýan neşiri Prada-nyň Versace-i satyn almagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Şeýle-de, Capri-niň Jimmy Choo brendini hem satmaga taýýardygy bellenildi.
Oňyn çaklamalara garamazdan, brend satylandan soň Capri Holdings-iň paýnamalary iň pes derejesinde 12,9% pese gaçyp, bir paý üçin 14,25 dollar boldy. Muny Nýu-Ýorkuň gazna biržasynyň maglumatlary delillendirýär.
Prada 1913-nji ýylda Mario Prada we onuň dogany Martino tarapyndan döredildi. Ilkibaşda kompaniýa deri önümlerini import etdi, soňra hususy önümçiligini ýola goýdy. Markanyň ösmeginde esaslandyryjynyň agtygy Miuçça Pradanyň orny uly boldy. Onuň hormatyna brendiň ikinji hatary – Miu Miu döredildi.
Versace italýan brendi 1978-nji ýylda peýda boldy. Ony dizaýner Janni Wersaçe esaslandyrdy. Kompaniýa egin-eşik, parfýumeriýa, sagat, aksessuar we beýleki kaşaň predmetleri çykarýar. 2018-nji ýylda Versace soňlugy bilen Capri Holdings Ltd adyny alan Michael Kors amerikan kompaniýasyna satyldy. 

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....