Nýu-Ýork ýaşaýan dollar millionerleriniň sany boýunça dünýäniň şäherleriniň arasynda birinji orny eýeleýär – 384,5 müň adam. Şolardan 818 sanysynyň aktiwleri 100 mln dollardan geçýär diýlip, Henley & Partners we New World Wealth hasabatynda aýdylýar.
Soňky 10 ýylda amerikan megapolisinde millionerleriň sany 45% artdy.
Ikinji orunda Kremniý jülgesi bilen birlikde San-Fransisko aýlagy ýerleşdi. Bu ýerde 342,4 müň millioner ýaşaýar – 10 ýylda ösüş 98% boldy. Şol bir wagtyň özünde, San-Fransisko milliarderleriň sany boýunça Nýu-Ýorkdan öňe geçdi – degişlilikde, 82 we 66 milliarder.
Iň gowy ýyllyk ösüşi Dubaý görkezdi: şäher 21-nji orundan 18-nji orna çykdy. Häzir onda 81,2 müň millioner ýaşaýar.
Iň uly pese gaçyşy Seul görkezdi, ol 19-njy orundan 24-nji orna düşdi.
Millionerleriň sany Londonda hem 12% azaldy. Häzir şäher altynjy orunda ýerleşýär (215,7 müň). Tokio (292,3 müň), Singapur (242,4 müň) we Los-Anjeles (220,6 müň ) ondan öňe geçdi.
Ilkinji 50-lige Täze Zelandiýanyň Oklendini gysyp çykaran Lissabon hem goşuldy (22,2 müň).
Ýaşaýyş jaýynyň bahasy boýunça iň gymmat şäherleriň sanawynda birinji orny Monako eýeledi – bir inedördül metr üçin 38,8 müň dollar. Şeýle-de, bu şäher ilatyň jan başyna düşýän ortaça baýlyk boýunça hem öňdebaryjy boldy – 20 mln dollardan gowrak.
Ýaşaýyş jaýynyň gymmatlygy boýunça ikinji orunda Nýu-Ýork (bir inedördül metr üçin $27,5 müň) ýerleşýär, onuň yzyndan Gonkong ($26,3 müň) we London ($24 müň) gelýär.