Android 15 esasly One UI 7 täzelenmesini aljak smartfonlaryň sanawy belli boldy

  • 11.04.2025 13:07
  • 4.2k+

Samsung Android 15 esasly täze One UI 7 täzelenmesini aljak smartfonlaryň sanawyny ýuwaş-ýuwaşdan giňeldýär. Täze interfeýs ilkinji gezek fewralda Galaxy S25 hatary bilen tanyşdyrylypdy.

Täzelenme golaýda Galaxy S24 hatary we Z hatarynyň täze modelleri üçin elýeterli boldy. Munuň yzysüre kompaniýa geljekki üç aýyň dowamynda täze programma üpjünçiligine geçjek beýleki smartfonlaryň sanawyny hem mälim etdi. Bu sanaw kompaniýanyň içerki forumynda işgärleriň biri tarapyndan ýerleşdirildi.
Doly sanaw aşakdaky ýaly:

  • ·Aprel (eýýäm täzelenenler): Galaxy S24 (FE wersiýasyndan başga), Galaxy Z Fold 6, Galaxy Z Flip 6 we Galaxy Z Fold Special Edition;
  • ·Aprel (täzelenmegine garaşylýar): Galaxy Z Fold 5, Galaxy Z Flip 5, Galaxy Tab S10, Galaxy S23 (FE-den başga), Galaxy S24 FE;
  • ·Maý: Galaxy Z Fold 4, Galaxy Z Flip 4, Galaxy Tab S9 (FE-den başga), Galaxy S23 FE, Galaxy Z Fold 3, Galaxy Z Flip 3, Galaxy A34, Galaxy A35, Galaxy S22, Galaxy Tab S8, Galaxy S21 (FE-den başga), Galaxy A16, Galaxy Quantum 5 (Galaxy A55), Galaxy Quantum 4 (Galaxy A54);
  • ·Iýun: Galaxy Tab S9 FE, Galaxy Tab S9 FE Plus, Galaxy A53, Galaxy A33, Galaxy A25, Galaxy A24, Galaxy A15, Galaxy Quantum 3, Galaxy Jump 3, Galaxy Jump 2, Galaxy Buddy 3, Galaxy Tab A9, Galaxy Tab Active 5, Galaxy Tab Active 4 Pro, Galaxy Wide 7.

Android 15 esasly One UI 7 täzelenmesi täze dizaýny, interfeýsi şahsylaşdyrmak boýunça giňeldilen mümkinçilikleri we täzeden işlenip düzülen kamera goşundysy bilen tapawutlanýar.
Şeýle-de Galaxy AI emeli aň platformasynyň goşmaça mümkinçiliklerine elýeterlilik hem esasy täze aýratynlyklaryň biri boldy. Bu mümkinçilikleriň arasynda tekstler bilen işleşmek, şahsy maslahatlary almak, surat we wideo redaktirlemek ýaly aýratynlyklar bar.


12.05.2026 14:43
7.6k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

05.05.2026 15:24
942

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
895

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....