Netflix «Monopoliýa» oýny boýunça realiti-şou çykarar

  • 11.04.2025 09:11
  • 1.7k+

Netflix meşhur «Monopoliýa» stol oýnuny realiti-şou görnüşinde ekranlaşdyrmak üçin hukuk aldy. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Täze şou giň gerimli jemgyýetçilik synagy hökmünde meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar strategiýasyny kämilleşdirmeli, hyzmatdaşlyklary gurmaly we rehimsiz bäsdeşliklere gatnaşmaly bolar. Olar baýlyk ugrunda göreşmeli we kapitalizm bilen haosyň arasynda ýola çykarlar. Oýunçylar dostluklaryny synagdan geçirip, emläk satyn alyp, her hili serişdeler bilen doly gözegçiligi ele almak ugrunda göreşerler.
Hasbro Entertainment mundan bir aý ozal, «Monopoliýanyň» şüweleňi boýunça özüne hyzmatdaş gözläp başlapdy. «Deadline» neşirine görä, şol bäsdeşlikde Netflix ýeňiji boldy.
Netflix tarapyndan taýýarlanylýan täze taslama Lionsgate bilen Margo Robbiniň prodýuserlik kompaniýasy LuckyChap tarapyndan taýýarlanylýan we «Monopoliýanyň» esasynda surata düşürilýän doly metražly film bilen baglanyşykly däldir.
Hasbro Entertainment häzirki wagtda «Skrabl» we Trivial Pursuit ýaly beýleki klassyky stol oýunlarynyň esasynda-da realiti-şüweleňleri taýýarlamak işlerini alyp barýar. Bu taslamalaryň önümçiligini Lionsgate Alternative Television kompaniýasy «The CW» kanaly üçin amala aşyrýar.
Soňky döwürde Netflix realiti-taslamalara köp üns berýär. Platforma «Kalmar oýny: Çagyryş» atly şouwy bilen uly üstünlik gazandy, häzirki wagtda bolsa «Willi Wonka» esasynda taýýarlanylýan «Altyn bilet» atly täze şouwyň üstünde işleýär.


düýn 11:36
1.5k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
4.2k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....