WinRAR arhiwatorynda howply kemçilik ýüze çykaryldy

  • 10.04.2025 14:47
  • 3.9k+

«Mitsui Bussan Secure Directions» ýapon IT kompaniýasy WinRAR arhiwatorynyň kodunda howply kemçiligiň ýüze çykarylandygyny habar berdi. Kemçilik programmanyň köne wersiýalarynda ýüze çykýar. Bilermenler meşhur arhiwatory ulanýanlara ony mümkin boldugyça tiz täzeläp durmagy maslahat berýärler diýip, «TechRadar» ýazýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, CVE-2025-31334 belgili kemçilik Mark of the Web (MotW) howpsuzlyk mehanizminiň duýduryşyndan aýlanyp geçmäge mümkinçilik döredýär. Adatça, internetden ýüklenilip alnan şübheli ýerine ýetiriji (executable) faýllar açylanda, MotW ulanyja onuň zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurýar.
Emma ýüze çykarylan kemçilik ýerine ýetiriji faýla simwoliki salgy arkaly şol duýduryşy aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, hüjümçiler öz zyýanly programma üpjünçiliklerini «zyýansyz» programma hökmünde ulanyjylaryň kompýuterinde işe girizip bilerler. IT bilermenleri bu howpuň derejesini 10-dan 6,8 ball diýip kesgitlediler.
Kemçilik WinRAR-yň täze wersiýasynda (WinRAR 7.11) düzedildi. Programmany Windows, Linux, macOS, FreeBSD we Android ulgamlary üçin işläp düzüjiniň  resmi web sahypasyndan ýükläp bolýar.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......