Kogurýo döwrüniň altyn möhüri auksionda rekord 1,39 million dollara satyldy

  • 10.04.2025 13:23
  • 2.9k+

Gadymy Koreýanyň Kogurýo şalygyna degişli (b. e. öňki 37-668-nji ýyllar) altyn möhür Gonkongda geçirilen auksionda 10,8 million gonkong dollaryna (1,39 million amerikan dollary) satyldy. Soňky baha taryhy gymmatlygyň çak edilýän bahasyndan dokuz esse ýokary boldy diýip, The Korea Times ýazýar.

At şekilindäki saply möhür "Gadymy Aziýa möhürleriniň we bronzalarynyň möhüm şahsy ýygyndylary" atly ýazky satuwyň çäklerinde geçen China Guardian’s Hong Kong 2025 satuwynda görkezildi. Onuň başlangyç bahasy 153 800 dollar bilen 282 100 dollar aralygynda oýnady.
Boýy 2,8 sm we agramy 88 gram bolan bu artefaktyň ýüzüne "Kogurýoly markiz Guýä Szin nesilşalygyndan" diýen ýazgy haşamlanyp ýazylypdyr.
Taryh ylymlary boýunça professor Pak De Çženiň sözlerine  görä, bu ýazgy Hytaýyň Szin nesilşalygynyň, megerem, goňşy döwletler bilen gatnaşyklary berkitmek üçin diplomatik strategiýa hökmünde şular ýaly sowgatlary ulanandygyny görkezýär.

"Käbir koreý institutlary bu esere gyzyklanma bildirdiler, ýöne bahasynyň aşa gymmatlygy we onuň hakykydygy ýa-da däldigi bilen bagly soraglar sebäpli, auksiona işjeň gatnaşyp bilmediler" – diýip, Pak gürrüň berdi.

Şeýle hem, artefakt hakyky bolup çykan ýagdaýynda onuň Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara has gowy düşünmäge kömek etjekdigini sözüniň üstüne goşdy.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....