Primorýanyň kenaryndan Beýik Watançylyk urşy döwründe gark bolan suwasty gämi tapyldy

  • 10.04.2025 13:21
  • 5.4k+

Ýapon deňzindäki Beýik Piter aýlagyndan Beýik Watançylyk urşy döwründe gark bolan “Malyutka” görnüşindäki sowet suwasty gämisi tapyldy. Onuň gözleg işleri 20 ýyl töweregi dowam etdi diýip, Russiýanyň Harby-deňiz flotunyň Ýuwaşumman flotunyň metbugat gullugyna salgylanýan VL.ru habar berýär.

Ýuwaşumman flotunyň iki sany kiçi suwasty gämisi “M-49” we “M-63” 1941-nji ýylyň awgust aýynda aýlagyň günorta-günbatar böleginde söweş tabşyrygyny ýerine ýetirýärkä ýitipdi. M-49 bilen aragatnaşyk 16-njy awgustda ýitdi. Gäminiň bortunda 22 adamdan ybarat ekipaž bardy.
“M-49”-nyň ýerleşýän ýerini “Igor Belousow” halas ediş gämisiniň ekipažy kesgitledi. Hünärmenler suwasty tehnikany ulanyp, suwasty gäminiň şekiliniň, ululygynyň we ýarag enjamlarynyň “Malyutka” görnüşiniň görkezilerine laýyk gelýändigini anykladylar.
M-49 suwasty gämisiniň 1937-nji ýylyň iýul aýynda düýbi tutulyp, 1939-njy ýylyň ýanwar aýynda suwa goýberildi we şol ýylyň awgust aýynda Ýuwaşumman flotunyň hataryna goşuldy. 1941-nji ýylyň awgust aýynda gämi Wladiwostok sebitine patrullyk etmäge çykdy.
Suwasty gämilerine ölçegleri göz öňünde tutulyp, "Malýutka" diýlip at berildi. Kiçi gabara olary demir ýol bilen sökmän daşamaga mümkinçilik berýärdi. M seriýaly suwasty gämiler agramy bilen 258 tonna suwy gysyp çykarýardy, burnundaky apparatlarynda iki sany torpedo we rubkanyň ýanynda 45 mm-lik top bardy.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......