Volkswagen 2027-nji ýylda Argentinada Amarok modeliniň mirasdüşerini çykaryp başlar

  • 09.04.2025 16:09
  • 3.8k+

Volkswagen kompaniýasy Amarok modeliniň mirasdüşeri boljak täze pikap ulagynyň çykaryljakdygyny bildiriş etdi. Önümçilikişleri 2027-nji ýylda Argentinadaky Paçeko zawodynda başlar.

Kompaniýa taslama 580 million dollar maýa goýar. Bu serişdeler modeliň işlenip taýýarlanylyşyna we önümçiliginiň täzelenmegine gönükdiriler. Zawod häzirki zaman enjamlaryny we sanly tehnologiýalary alar. Şeýle hem energiýany tygşytlamagyň çözgütleri hem ornaşdyrylar.
Paçekoda 2010-njy ýyldan bäri 770 müňden gowrak Amarok öndürildi. Indi zawod täze model çykarmaga taýynlanýar. Pikap, esasan, ýerli bazaryň zerurlyklary göz öňünde tutulyp dörediler. Ol Volkswagen-iň 2030-njy ýyla çenli modelleri täzelemegi öz içine alýan geljekki strategiýasynyň bir bölegi bolar.
VW 2027-nji ýyla çenli Ýewropada dokuz sany täze awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär. Olaryň arasynda ID.2all we ID EVERY1 bar.
Amarok-yň häzirki neslini halkara bazarlary üçin Günorta Afrikada ýygnamak dowam etdirilýär.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......