Keychron wertikal oýun syçanjygyny çykardy: ol goşara düşýän agramy azaldýar

  • 09.04.2025 15:56
  • 2.6k+

Mehaniki klawiaturalary bilen tanalýan Keychron kompaniýasy ilkinji wertikal oýun syçanjygy M5-i hödürledi. Bu barada Notebookcheck habar berýär.

Adaty syçanjyklar eliň aýasyny aşak bakdyryp saklamaga mejbur edýär, bu hem goşaryň dartylmagyna we burulmagyna getirýär. M5-iň dik gurluşy penjäniň elleşmedäki ýaly tebigy ýagdaýda bolmagyna mümkinçilik berýär.
Syçanjygyň agramy 95 gram. Ol 30 000 DPI derejesi we 8 000 Gs ýygylygy bilen PixArt 3950 sensoryna eýe boldy. Bu ýokary takyklygy we gijikdirilmäniň pes bolmagyny üpjün edýär.


Üç usul arkaly birikdirme bar: USB-C, 2,4 GGs protokoly ýa-da Bluetooth 5.3 arkaly. 600 mA/sag sygymly akkumulýator 140 sagada çenli işlemegi üpjün edýär.
Ylmy gözleglere görä, dik syçanjyklar goşara düşýän agramy 45% azaldýar. Gurluş uzak wagtlap işlemek we oýnamak üçin amatlydyr. Syçanjykda bäş düwme, aýlama tigiri we teflon aýajyklary bar.
Onuň bahasy 69 dollara barabar. 

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......