Neutron raketasynyň ikinji basgançagy ähli synaglardan üstünlikli geçdi

  • 09.04.2025 13:55
  • 1.8k+

Rocket Lab kompaniýasynyň hünärmenleri geljekki Neutron raketasynyň ikinji basgançagynyň hil synaglarynyň tamamlanandygyny habar berdiler.

Rocket Lab-yň inženerleri raketanyň ikinji basgançagyny ýokary basyşda synagdan geçirmegi, mehaniki ýüklenmeleri hem-de onuň ulgamlarynyň we programma üpjünçiliginiň işleýşini barlamagy öz içine alýan synaglar toplumyny geçirdiler. Basgançak ähli synaglardan üstünlikli geçdi. Neutron-yň ilkinji uçuşy şu ýylyň ikinji ýarymynda bolup biler.
Bölümleýin gaýtadan ulanylmaga ukyply Neutron raketa göterijisi Ýeriň pes orbitasyna 13 tonna çenli ýük çykaryp biler we gurluşy adaty bolmadyk görnüşde bolar. Onuň esasy aýratynlyklary – uçuş wagtynda ikinji basgançagyň birinji basgançagyň içinde ýerleşmegi we açylyp-ýapylýan burun örtügi bilen üpjün edilmegidir.
Uçuşyň degişli tapgyryna ýetilensoň, Neutron-yň birinji basgançagy burun örtügini açyp, ýük bilen bilelikde ikinji basgançagy goýberer, soňra bolsa örtügi ýapyp, indiki uçuş üçin Ýere dolanar.


düýn 13:48
2.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......