Google Pixel 9a-ny söküp gördüler: gapagynyň astynda nämeler gizlenýär?

  • 09.04.2025 14:07
  • 5.2k+

Geçen aý tanyşdyrylan Google Pixel 9a entek satuwa çykmasa-da, köpleriň ünsüni özüne çekýär. YouTube blogeri PBKreviews enjamy ele alyp, doly söküp gördi we orta bahaly smartfonyň içinde nämeleriň gizlenýändigini görkezdi. Bu barada «GSMArena» ýazýar.

Sökülende birnäçe gyzykly maglumatlar ýüze çykdy. Enjamyň içinde Tensor G4 çibi bar – bu çip beýleki Pixel 9 modellerinde-de ulanylýar, ýöne sowadyş ulgamy biraz ýönekeýräk. Çylşyrymly ýylylyk turbalarynyň deregine grafit plýonka ulanylypdyr, bu hem ýeri tygşytlaýar, hem-de bahany peseldýär. 5100 mA·sag sygymly batareýasy berk ýerleşdirilipdir, bu onuň çalşylmagyny kynlaşdyrýar, ýöne uzak möhletli ygtybarlylygy wada berýär. Kameralaryň – 48 MP esasy we 13 MP giň burçly – korpusyň içindäki ýerleşişi hem garaşylşy ýaly bolup çykdy.
Pixel 9a dört reňkde hödürlener, şol sanda gara «Obsidian» reňki hem bolar we alýumin çarçuwaly tekiz dizaýnyny saklar. 499 dollarlyk başlangyç bahasy bilen bu enjam orta synpdaky smartfonlara güýçli bäsdeş bolar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....