3-nji iýunda Günorta Koreýada täze Prezident saýlanar

  • 09.04.2025 13:01
  • 3.5k+

Koreýa Respublikasynyň hökümeti möhletinden irki saýlawlaryň geçiriljek senesini 3-nji iýuna belledi. Bu barada döwlet Baştutanynyň wagtlaýyn wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän ýurduň premýer-ministri Han Dok Sunuň apparatynyň beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Çözgüt 4-nji aprelde Konstitusiýa kazyýeti tarapyndan Prezident Ýun Sok Ýoluň impiçmentiniň biragyzdan tassyklanmagyndan soň kabul edildi.
Kanuna laýyklykda, saýlawlar Prezident wezipeden aýrylandan soň 60 günüň dowamynda geçirilmeli. 3-nji iýun senesi ses berişligi geçirmek üçin saýlandy. Ministrler kabineti 8-nji aprelde geçen mejlisde bu güni wagtlaýyn dynç alyş diýip yglan etdi.

Dalaşgärleriň deslapky hasaba alnyşy 4-nji aprelde başlady. Gutarnykly hasaba alyş 11-nji maýda tamamlanar. Saýlawdan öňki kampaniýa 12-nji maýda başlar we ses berişlik gününe çenli dowam eder.


düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 15:17
3.6k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.6k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......